Azyk önümleri arassa bolsun!

31 Maý 2021
781

Azyk önümlerinden adamlaryň zäherlenýän wagtlary seýrek hem bolsa duş gelinýän hadysadyr. Eýsem, adamlaryň zäherlenmegine sebäp bolýan mikroblar azyk önümlerine nähili aralaşýar? Çig etde, balykda, ördekleriň we gazlaryň ýumurtgalarynda, süýtde adamlaryň zäherlenmegi sebäp bolýan mikroblaryň bolmagy mümkin. Şöhlat, peýnir, gowrulan balyk, bişirilen et ýaly önümler taýýarlanylan wagtynda zäherli mikroblaryň ýeňillik bilen aralaşmagy mümkin. Şonuň ýaly-da, gap-gaçlaryň, et we beýleki önümleri kesmek, çapmak üçin aşhanada ulanylýan dürli enjamlaryň nädogry saklanylmagy netijesinde hem zäherli mikroblar azyk önümlerine aralaşyp bilerler. Şonuň üçin azyk önümleri taýýarlanylan wagtynda öý bikeleri we bu işe gatnaşýan beýleki adamlar örän ägä bolmalydyrlar. Olar ellerini oňat ýuwmalydyrlar. Eger-de olaryň ellerinde pyçak kesen ýerleri bolsa, ýa-da ýanan, iriňlän ýara bolsa bu işe örän seresaply çemeleşmek gerek. Azyk önümlerini açyk görnüşde, saçakçylaryň, siňekleriň, syçanlaryň peýda bolýan ýerlerinde saklamak adamlarda azyk önümlerinden zäherlenme keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Çünki şeýle mikroblaryň ýaşamagy, köpelmegi üçin çyglylyk zerur bolýar, şol çyglylyk bolsa agzalan azyk önümlerinde köpdür.

Mikroblaryň köpelmegi üçin tomus döwründe azyk önümleriniň ýyly temperaturada saklanmagy hem sebäp bolup biler. Çalt zaýalanýan azyk önümlerini saklamaklyga hem örän ünsli garamak gerek. Mysal üçin, gyzdyrylan süýt köp wagt geçmän içilse, onda ol hiç hili kesel döretmeýär. Şol süýt birnäçe sagat geçenden soň peýdalanylsa, onuň kesel döretmegi mümkin, sebäbi oňa aralaşan mikroblar köpelip başlaýarlar. Tort, jyklanan et, gowrulan balyk kesel döretmez, ýöne olar ýyly ýerde birnäçe wagt saklansa, kesel döremegi mümkin.

Batyr MELÄÝEW,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany.
Beýleki habarlar