"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Saglygyňy berkitmekde welosipedli gezelenjiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglygyny goramak, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlary we türgenleşikleri gün-günden ýokary derejelerde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle çäreleriň hatarynda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň we sport çäreleriniň guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi welosipedde gezelenç etmek özüniň özboluşlylygy bilen ynsan saglygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Welosipedde gezelenç etmek — bu adamyň ýaşaýyş-durmuşynda ähli beden agzalarynyň çydamlylygyny ýokarlandyrýar we psihiki ýagdaýyny kadalaşdyrýar, onuň fiziki we ruhy saglygy üçin ähmiýeti hem möhümdir. Mundan başga-da, welosiped häzirki wagtda ekologiýa taýdan iň arassa ulag hasaplanylýar. Ol diňe myşsalary, ýüregi we damarlary berkidýän, öýkeni türgenleşdirýän ajaýyp serişde bolmak bilen çäklenmän, eýsem, artyk agramy aýyrmaga hem ýardam edýär.

Welosipediň saglyga peýdaly täsiri

Lukmanyň maslahaty

GÜN ŞÖHLESINIŇ BEDENE TÄSIRI WE ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI Ýurdumyzda tomus pasly diýseň yssy bolýar. Howanyň gyzgynlyk derejesi kähalatlarda 42 — 45 gradusa baryp ýetýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler. — Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.

Gün urmagyndan ägä boluň!

Tomus paslynyň gelmegi bilen, howanyň gyzmagy, epgegiň bolmagy güneşli Diýarymyzyň tebigy şertine mahsusdyr. Yssyda açyk howada köp wagt geçirmek, gün şöhlesiniň göni düşmeginden goranmazlyk, ýanyň bilen suw göterinmezlik gün urma getirip bilýän ilkinji sebäplerdir. Şonuň üçin-de gyzgyn howada saglygyňa zyýan ýetmeginden goranmak maksady bilen, ýanyň bilen saýawan hem-de agyz suwuny göterinmeli, baş açyk halda gezmeli däl, ýagty reňkdäki lybaslary geýmeli. Esasan-da, ýürek-damar keselli adamlar, ýüregagyrysy hem-de gan basyşy ýokary bolanlar, endokrin keselliler, berhiz tutýanlar, şeýle-de kiçi ýaşly çagalar yssy howada ägä bolmalydyr. Gün urmak ýagdaýy çalt bolup geçýär. Bu ýoň, esasan hem, yssyda köp wagt geçirilende köp duş gelýär. Gün urma ýagdaýyna diňe yssy howa däl, eýsem, galyň hem-de emeli (sintetika, wiskoz, kapron, neýlon we başgalar) süýümden geýlen lybas, fiziki ýadawlyk, alkogolly içgileriň içilmegi, aşa köp iýmek hem sebäp bolýar. Gün uran halatynda esasan şu alamatlar ýüze çykýar, ýagny adam ysgyndan gaçýar, onuň başy aýlanýar, gulagy şaňlaýar, gözüniň öňi garaňkyraýar, ýürek urgusy çaltlaşýar. Kähalatda gaýtarasy gelýär, agzy guraýar. Gün uranda şikes alan adamyň gyzdyrmagy hem ahmal. Şu alamatlar duýlan halatynda hökman lukmana

Saglygyň we dostlugyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylma esaslanýan beýik başlangyçlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler netijesinde eziz Diýarymyzda sporta adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, sport türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwlete parahatçylyk, sagdynlyk, ösüşler ýar bolanda döwür bagtyýar, ýurt berkarar bolýar. Ýurduň ösüşi we kuwwatlylygy jemgyýetiň sagdynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiz hemişe sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ugurda möhüm özgertmeleri yzygiderli we ynamly amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alnyp, maksatnamalaýyn başlangyçlar esasynda ýurdumyzda durnukly kemala gelen milli sport syýasaty bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Sport parahatçylygyň, agzybirligiň, ynsan mertebesini belende götermegiň başlangyjy bolup, ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Sport halkara gatnaşyklarynyň medeniýeti hökmünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige hem-de birek-bir

Saglygym — baş baýlygym

Iki metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklaň! Agyz-burun örtüklerini dakynmak özüňiziň we ýakynlaryňyzyň saglygyny goramakdyr.

Gün urmasyndan goranyň!

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamin Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün urmasyndan goramak üçin başgapsyz gezdirmeli däl. Tomsuň yssy howasynda meýdana gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçanda bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik etse, adamda keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly.

Ynsan saglygy döwletimiziň baş gymmatlygydyr

28-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna görä ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä, iş maslahatyna saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar.

Saglygymyz iň uly baýlygymyz

«Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hakynda yzygiderli alada edýär. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamynda düýpli işleriň amala aşyrylmagyny we ägirt uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk işleriniň netijesinde saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata edilýän sagaldyş we şypahana hyzmatlary ýokary derejelere çykarylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-medeni ähmiýetli desgalar bilen bir hatarda, bejeriş-sagaldyş edaralarynyň, şypahanalaryň hem yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň derman senagaty hem ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň

Saglyk — beglik

1. Daşary çykmazdan ozal agyz-burun örtüklerini dakynmaly hem-de 2 metr howpsuz aralygy saklamaly. 2. Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Täsirli geçen maslahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşmek” ady bilen yglan eden biraýlygynyň çäklerinde Balkanabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek bilen, öýkeniň howply täze döremelerine we çilimkeşlige garşy göreş, onkologiki keselleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ilata berilýän onkologiýa kömegini hil we möçber taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik döredýändigini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti, many-mazmuny, onda beýan edilýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary baradaky çykyşlar has-da täsirli boldy.

Sagdyn durmuş rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny gorap saklamak we berkitmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ynsan ömrüni uzaltmak, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada edilýän aladalar hem aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde hem uly işler amala aşyryldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durkunyň täzelenip, ilatyň lukmançylyk kömegi we derman serişdeleri bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy ugrunda edilýän tagallalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek işleriniň giň gerim almagy sagdyn jemgyýetiň binýady bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, zyýanly endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin

Gün şöhlesiniň täsiri

Diýarymyz Gün şöhlesine baý. Ony dogry peýdalanmak ynsan saglygyna örän oňaýly täsir edýär. Tomus paslynyň gelmegi bilen Günüň şöhlesiniň artykmaç düşmeginden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Onuň üçin irden sagat 10-dan — 11-e çenli, öýlän 18-den soň, agyz-burun örtükli, bellenen araçägi saklap, pasla görä geýnip, gezelenç etmek zerurdyr. Şeýle ýagdaýda alnan Gün şöhlesi bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar.

Planşetiň saglygymyza täsiri

Häzirki döwürde elektron enjamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Noutbuklar, planşetler we smartfonlar işimizde ýeňillik döretse-de, bu enjamlar ulanylanda seresap bolmalydyr. Çünki planşetleriň şöhleleri bedene uzak wagtlap täsir etse, adamyň derisine we içki organlaryna zeper ýetirýär. Şol sebäpli ony ýüregiňe, öýkeniňe, garnyňa ýakyn tutmak maslahat berilmeýär. Planşetden we smartfondan ýaýraýan şöhleler beýni üçin örän zyýanlydyr. Olar nerw ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýär we dürli keselleriň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin gürleşilende, ony gulagyňdan az-kem daşrakda saklamak gerekdir. Şeýle hem ýatan wagtyňyzda ony ýassygyň golaýynda goýmaly däl, radiotolkunlar beýniniň dynç almagyna päsgel berýär we ukyny bölýär. Mundan başga-da, käbir çagalar uzak wagtlap planşet oýnap, daşaryk çykmaýarlar, az hereket edýärler. Bu bolsa daýanç-hereket ulgamynyň gowşamagyna getirýär.

Örtügi dogry ulanmagy endik et!

■ Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, şahsy gorag serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini saglygyny goramagyň aladasyny edýän her bir adamyň ulanmagy maksadalaýykdyr. ■ Iň esasy kada: ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz aralygy saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!

Derde derman içgiler

Uzak ýaşamagyň syry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli ugurlaryny ösdürmek, şonuň bilen bir hatarda, halkyň saglygyny berkitmek barada uly aladalar edýär. Öz halkynyň aladasy bilen ýaşaýan, onuň sagdynlygyny, bagtyýarlygyny gazanmak barada ähli tagallalary edýän, sportuň dürli görnüşleriniň — at münmegiň, welosiped sürmegiň, ylgamagyň, tennis oýnamagyň we beýlekiler bilen meşgullanmagyň, işjeň we sagdyn dynç almagyň ruhlandyryjy nusgasyny görkezip, hormatly Prezidentimiz ula-kiçä görelde bolýar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Sportuň welosiped görnüşi bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanylanda, bedeniň we immunitetiň berkemegine getirýär. Welosiped sürmek bilen bedeniň ähli myşsalary herekete gatnaşýar. Bedende madda çalşygy güýçlenýär. Dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň gaz çalşygy ýokarlanýar. Welosiped sürmek — bu bedeniň durkuny berkitmek, dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamlarynyň işleriniň gowulaşmagyna, bedeniň ýokanç kesellerden goraýjylygynyň beýgelmegine we beden üçin gerek bolmajak ýaglardan saplanmaga ýardam edýär.

Lukman maslahat berýär

■ Bir ge­zeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Otaglarda üzärlik tütediň. Iş ýeriňiziň tämizligini gazanyň!

Sagdyn ýaşaýyş — bagtyýar durmuş

Adam üçin iň gymmatly zat saglykdyr. Çünki saglyk sagdyn durmuşyň özenidir. Sagdyn durmuş bolsa, ynsan ömrüniň bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr. Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Has dogrusy, ilatyň saglygyny berkitmek bilen bagly mesele döwlet syýasatynda ilkinji nobatda durýar. Munuň üçin ýörite «Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» kanunçylyk namasy kabul edildi we güýje girizildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, olaryň ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan.