Welosipediň saglyga peýdaly täsiri

2 Iýun 2021
675

Tutuş dünýäde öndürilýän ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan welosiped ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagyna örän peýdalydygy barada dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Alymlaryň bellemeklerine görä, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, birahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna örän uly kömek berýär. Ýeri gelende aýtsak, welosiped sürlen wagtynda bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri welosipedi sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär.

Welosiped sürmegiň döredijilik işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak peýdasy bardyr. Çünki ol adamyň pikirleniş ukybynyň ýokarlanmagyna, ýatda saklaýyş ukybynyň güýçlenmegine, şeýle-de onuň berkemegine ýardam berýär. Welosipedi dolandyrýan pursadymyzda, adamyň ylgan wagty hereket etmeýän örän köp sanly myşsalary hem işläp başlaýar. Bedendäki bar bolan ähli kiçijik damarlaryň işe girmegi bilen, öýjüklere gerek bolan kislorodyň ýetmezçiligi kadalaşýar we umumy işjeňlik artyp, bedeni has-da berkidýär. Esasy belläp geçmeli zatlaryň ýene-de biri, ol hem welosipedi yzygiderli sürmek adam bedeninde Günüň ýiti we göni şöhlesiniň ýetirýän zyýanly täsirine bolan garşylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde hem, adamyň beden öýjüklerindäki bolup geçýän garramak hadysasynyň derejesi pese düşýär.

Amanberdi DÖWLETOW,
«Arçman» şypahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar