Täsirli geçen maslahat

31 Maý 2021
642

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreşmek” ady bilen yglan eden biraýlygynyň çäklerinde Balkanabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçmek bilen, öýkeniň howply täze döremelerine we çilimkeşlige garşy göreş, onkologiki keselleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ilata berilýän onkologiýa kömegini hil we möçber taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik döredýändigini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti, many-mazmuny, onda beýan edilýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, aýratynlyklary baradaky çykyşlar has-da täsirli boldy.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar