Gün urmagyndan ägä boluň!

1 Iýun 2021
962

Tomus paslynyň gelmegi bilen, howanyň gyzmagy, epgegiň bolmagy güneşli Diýarymyzyň tebigy şertine mahsusdyr. Yssyda açyk howada köp wagt geçirmek, gün şöhlesiniň göni düşmeginden goranmazlyk, ýanyň bilen suw göterinmezlik gün urma getirip bilýän ilkinji sebäplerdir. Şonuň üçin-de gyzgyn howada saglygyňa zyýan ýetmeginden goranmak maksady bilen, ýanyň bilen saýawan hem-de agyz suwuny göterinmeli, baş açyk halda gezmeli däl, ýagty reňkdäki lybaslary geýmeli. Esasan-da, ýürek-damar keselli adamlar, ýüregagyrysy hem-de gan basyşy ýokary bolanlar, endokrin keselliler, berhiz tutýanlar, şeýle-de kiçi ýaşly çagalar yssy howada ägä bolmalydyr.

Gün urmak ýagdaýy çalt bolup geçýär. Bu ýoň, esasan hem, yssyda köp wagt geçirilende köp duş gelýär. Gün urma ýagdaýyna diňe yssy howa däl, eýsem, galyň hem-de emeli (sintetika, wiskoz, kapron, neýlon we başgalar) süýümden geýlen lybas, fiziki ýadawlyk, alkogolly içgileriň içilmegi, aşa köp iýmek hem sebäp bolýar. Gün uran halatynda esasan şu alamatlar ýüze çykýar, ýagny adam ysgyndan gaçýar, onuň başy aýlanýar, gulagy şaňlaýar, gözüniň öňi garaňkyraýar, ýürek urgusy çaltlaşýar. Kähalatda gaýtarasy gelýär, agzy guraýar. Gün uranda şikes alan adamyň gyzdyrmagy hem ahmal. Şu alamatlar duýlan halatynda hökman lukmana habar edip, ony çagyrmalydyr we hünärmeniň beren maslahatyna eýermelidir.

Gözel KADYROWA,
Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar