Sagdyn durmuş rowaçlanýar

31 Maý 2021
792

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny gorap saklamak we berkitmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ynsan ömrüni uzaltmak, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada edilýän aladalar hem aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde hem uly işler amala aşyryldy. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durkunyň täzelenip, ilatyň lukmançylyk kömegi we derman serişdeleri bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy ugrunda edilýän tagallalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek işleriniň giň gerim almagy sagdyn jemgyýetiň binýady bolup hyzmat edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, zyýanly endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, stadionlaryň  gurulmagy, döwletimizde halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi Diýarymyzy sportuň, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde tanatdy. 

Altyn ÇILOWA,
Serdar şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar