Saglygyň we dostlugyň binýady

1 Iýun 2021
763

Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylma esaslanýan beýik başlangyçlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler netijesinde eziz Diýarymyzda sporta adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, sport türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Döwlete parahatçylyk, sagdynlyk, ösüşler ýar bolanda döwür bagtyýar, ýurt berkarar bolýar. Ýurduň ösüşi we kuwwatlylygy jemgyýetiň sagdynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiz hemişe sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ugurda möhüm özgertmeleri yzygiderli we ynamly amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alnyp, maksatnamalaýyn başlangyçlar esasynda ýurdumyzda durnukly kemala gelen milli sport syýasaty bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Sport parahatçylygyň, agzybirligiň, ynsan mertebesini belende götermegiň başlangyjy bolup, ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Sport halkara gatnaşyklarynyň medeniýeti hökmünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige hem-de birek-biregiň güýjüne, ukybyna ynam döredýär. Sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerleri baýramçylygy ýadyňa salýar. Çünki, sport ynsanyýetiň kalbynda sarpany, sylagy berkidýär. Parahatçylyga, ösüşlere badalga bolýar. Köptaraplaýyn we durnukly ösüşlerimiziň eziz Watanymyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşmaga täze mümkinçilikleri açýandygyny hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan belleýär.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory.
Beýleki habarlar