Derde derman içgiler

31 Maý 2021
718

Ýurdumyzda ýylyň 6 aýynyň dowamynda yssy, gurak howanyň saklanýandygy bellidir. Dowamly täsir edýän ýokary gyzgynlyk bedeniň ähli ulgamlarynda funksional üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Netijede, köp mukdarda der bölünip çykýar, agyz boşlugy guraýar, işdä peselýär, ýadawlyk, ysgynsyzlyk peýda bolýar. Der bilen köp mukdarda С, B1, B2 witaminleri endamdan çykýar. Beden günüň dowamynda 5 — 6 litr suwuklyk ýitirýär.

Endamdan çykýan beloklaryň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin süýt önümlerini iýip-içmek maslahat berilýär. Her gün doragyň 100 gramy, gatygyň 200 — 300 gramy, gaýmagyň 50 gramy ulanylanda, beden beloklar bilen doly üpjün edilýär. Suwuklyk ýitgisiniň öwezini dolmak maksady bilen ulanylýan önümler suwuk görnüşinde bolsa gowy. Tomusda içilýän içgiler diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, bedende suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge, bedeni içege ýokançlaryndan goramaga ýardam etmelidir. Şeýle maksat bilen, gök çaý we ýandak petini yzygiderli içmek maslahat berilýär. Gök çaý suw-duz alyş-çalşyny kadalaşdyrýar, teşneligi doly gandyrýar, yssyda ýitirilýän askorbin turşusynyň, B1, B2 B15, PP, K witaminleriniň öwezini dolýar, iýmit siňdiriş ulgamyna oňyn täsir edýär. Tomus paslynda, şeýle hem beloklara baý, düzüminde metionin, lizin, walin, glisin, alanin maddalaryny saklaýan düýe çalyny içmek peýdalydyr. Onuň 1 litrinde bedeniň kadaly ýaşaýşy üçin bir gije-gündiziň dowamynda gerek bolan askorbin turşusy, B1, B2 witaminler bar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar