Gün urmasyndan goranyň!

1 Iýun 2021
852

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamin Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün urmasyndan goramak üçin başgapsyz gezdirmeli däl. Tomsuň yssy howasynda meýdana gezelenç etmek maslahat berilmeýär.

Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçanda bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik etse, adamda keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar