Saglygyňy berkitmekde welosipedli gezelenjiň ähmiýeti

2 Iýun 2021
674

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň saglygyny goramak, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlary we türgenleşikleri gün-günden ýokary derejelerde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şeýle çäreleriň hatarynda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň we sport çäreleriniň guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi welosipedde gezelenç etmek özüniň özboluşlylygy bilen ynsan saglygyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Welosipedde gezelenç etmek — bu adamyň ýaşaýyş-durmuşynda ähli beden agzalarynyň çydamlylygyny ýokarlandyrýar we psihiki ýagdaýyny kadalaşdyrýar, onuň fiziki we ruhy saglygy üçin ähmiýeti hem möhümdir. Mundan başga-da, welosiped häzirki wagtda ekologiýa taýdan iň arassa ulag hasaplanylýar. Ol diňe myşsalary, ýüregi we damarlary berkidýän, öýkeni türgenleşdirýän ajaýyp serişde bolmak bilen çäklenmän, eýsem, artyk agramy aýyrmaga hem ýardam edýär.

Merdan KOÇKAROW,
maýor.
Beýleki habarlar