Planşetiň saglygymyza täsiri

31 Maý 2021
816

Häzirki döwürde elektron enjamlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Noutbuklar, planşetler we smartfonlar işimizde ýeňillik döretse-de, bu enjamlar ulanylanda seresap bolmalydyr. Çünki planşetleriň şöhleleri bedene uzak wagtlap täsir etse, adamyň derisine we içki organlaryna zeper ýetirýär. Şol sebäpli ony ýüregiňe, öýkeniňe, garnyňa ýakyn tutmak maslahat berilmeýär.

Planşetden we smartfondan ýaýraýan şöhleler beýni üçin örän zyýanlydyr. Olar nerw ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýär we dürli keselleriň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin gürleşilende, ony gulagyňdan az-kem daşrakda saklamak gerekdir. Şeýle hem ýatan wagtyňyzda ony ýassygyň golaýynda goýmaly däl, radiotolkunlar beýniniň dynç almagyna päsgel berýär we ukyny bölýär. Mundan başga-da, käbir çagalar uzak wagtlap planşet oýnap, daşaryk çykmaýarlar, az hereket edýärler. Bu bolsa daýanç-hereket ulgamynyň gowşamagyna getirýär.

Gülbahar ŞIHMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukman laboranty.
Beýleki habarlar