"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO 30 ÝYL BÄRI HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

Türkmenistan – ÝUNESKO 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etmegi şanly ýylyň taryhy wakasy boldy. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl me deni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize degişli güwänamalary gowşurdy.

Däp bolan dostlukly gatnaşyklar

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim boýunça işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 7-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany boldy. Wekilçilikli topar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyna, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasyna, Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezlerine aýlanyp gördüler. Şeýle hem bu ýerde wekilçilikli topar bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenow çykyş edip, iki diplomatik ýokary okuw jaýynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we olaryň geljegi barada durup geçdi.

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda söwda ýollary we demir ýol arabaglanyşyklary, gaz geçirijileri we üstaşyr söwda ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçikleri dogrusynda hem durup geçdiler.

Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Çeşmede bellenilişi ýaly, Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohimiň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etjek M.Çakyýew gazak kärdeşi Marat Karabaýew, özbek kärdeşi Ilhom Mahkamow hem-de gyrgyz kärdeşi Tilek Tekebäýew bilen bilelikde sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşarlar. Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäklerinde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» barada habar berildi.

«Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly işewürler, şol sanda türkmen telekeçileri hem gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar türkmeniň milli mirasy bolan türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri, gap-gaçlary bilen ýakyndan tanşyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän mirasyna, däp-dessurlaryna çuňňur gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem olar ýurdumyzyň döwrebap binalarynyň ajaýyp suratlaryna syn etdiler we öz hoşallyklaryny aýtdylar.

Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji gününiň çäklerinde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdiler. Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Nurana geljegiň eýeleri

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu ajaýyp wakanyň ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşmagy guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda we ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ata Watanymyz Türkmenistanyň uly işleri amala aşyrýandygynyň subutnam

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, deňiz we demir ýollary hem-de awiadaşamalar boýunça infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak işine fransuz maýadarlaryna we bilermenlerini gatnaşmaga çagyrýarys diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan işewürlik duşuşygynda mälim etdi.  Dürli ugurlarda, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagynda Türkmenistanyň fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda “Bureau Veritas Marine & Offshore SAS” baha beriş jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasyny açmak meseleleri öwrenilip, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda guruljak gämileri sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garalýar. Bu milli deňiz we derýa flotunyň howpsuzlygyny kepillendirip, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we gämigurluşyk işini giňeltmäge ýardam berer. 

Laos Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşuldy

Laos Halk Demokratik Respublikasy 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar toparyna goşulandygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Toparyň nobatdaky 3-nji duşuşygy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilipdi.

Yragy hem-de Eýrany täze demirýol şahasy birleşdirer

Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde Yrak bilen Eýranyň arasyndaky geljekki demirýoluň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara  Yragyň premýer-ministri Muhammed as-Sudani hem-de Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdylar. 2019-njy ýylda Bagdad hem-de Tähran Basra we Şalamçe şäherleriniň arasynda eýran-yrak serhedinde demirýoluň gurluşygyny göz öünde tutýan ylalaşyga gol çekdiler. Şol şertnamanyň esasyndaky bu taslama, iki ýyl üçinde amala aşyrylar. Täze demirýol Yragyň logistika infrastrukturasyny pugtalandyrar hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňelder.

Primorskiý sebitiniň ýene dört obasy Türkmenistandan ynsanperwer kömegini alar

Suw joşmasyndan ejir çeken Primorskiniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistandan ynsanperwer kömek ýükleriniň bir bölegi Oktýabrskiý okrugynyň obalarynyň arasynda paýlandy. Golaýda sebitiň Horol okrugynyň ýaşaýjylary Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegini aldylar. Türkmenistandan ýörite uçar bilen iberilen egin-eşik, ýorgan-düşek we iýmit önümleri Siwakowka, Petrowiçi, Luçki we Nowodewitsa obalarynyň ýaşaýjylaryna ýetirilipdi. Ondan öň şuňa meňzeş önümler “Staroreçenskoýe”, “Strugowka”, “Sinelnikowo-2” we “Fadeýewka”, “Poreçi”, “Konstantinowka” we “Nowogeogriewka” ýerlerine eltilipdi.

Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO kluby döredildi Şu ýylyň 1-nji sentýabry ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerinde möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Uly ruhubelentlige beslenen giň gerimli çäreler bilen bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň dürli bilim-terbiýeçilik edaralary bilen birlikde, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw mekdebi — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Şöhraty dünýä dolan, ýelden ýyndam, behişdi ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy topragynda açylan bu ýokary okuw mekdebi sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa hökmünde ykrar edilip, Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna mynasyp boldy. Şol gün bu ýokary bilim ojagynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy. Ol ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döredilen şeýle klublaryň eýýäm dördünjisidir. Ozal Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň döredijilik ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 5-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler.

Assosirlenen mekdepler: tagallalary utgaşdyrmak ugrunda

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabat şäherindäki Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebi, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebi, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebi, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Bu mynasybetli täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýokarda ady agzalan mekdeplere halkara şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol dünýäniň 182 ýurdundan 12 müň töweregi bilim edaralaryny umumy maksadyň — çagalarda ýaşlykdan parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna sarpany döretmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwere

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly» atly halkara ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň çäklerinden geçdiler. 11 müň kilometrlik ýoly külterleýän ralliniň 15 ekipaždan ybarat düzümi Aşgabat şäherinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyldy. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, esasan, ýeňil ulaglardan ybarat bolan halkara ralli ýaryşyna şu ýylyň 22-nji awgustynda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinden badalga berildi. Bolgariýadan Türkiýä geçen ekipažlar biziň ýurdumyza Eýranyň üsti bilen geldiler. Ýaryşyň guramaçylary Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Mongoliýa çenli ýoly dowam etdirmek isleýärler. Bu ýaryş halkara ralliniň ikinji ýaryşydyr. Ol birinji gezek geçen ýyl guraldy.

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi ösdürilýär. Şu ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen işler, gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Hyzmatdaşlygyň taryhy menzillerine ser salsak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny buýsançly ýatlaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa, ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.