Türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

10 Sentýabr 2023
291

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäklerinde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» barada habar berildi.

Çeşme: mfa.gov.tm
Beýleki habarlar