Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar

11 Sentýabr 2023
449

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohimiň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etjek M.Çakyýew gazak kärdeşi Marat Karabaýew, özbek kärdeşi Ilhom Mahkamow hem-de gyrgyz kärdeşi Tilek Tekebäýew bilen bilelikde sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşar.

Beýleki habarlar