Yragy hem-de Eýrany täze demirýol şahasy birleşdirer

7 Sentýabr 2023
352

Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde Yrak bilen Eýranyň arasyndaky geljekki demirýoluň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara  Yragyň premýer-ministri Muhammed as-Sudani hem-de Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdylar.

2019-njy ýylda Bagdad hem-de Tähran Basra we Şalamçe şäherleriniň arasynda eýran-yrak serhedinde demirýoluň gurluşygyny göz öünde tutýan ylalaşyga gol çekdiler. Şol şertnamanyň esasyndaky bu taslama, iki ýyl üçinde amala aşyrylar. Täze demirýol Yragyň logistika infrastrukturasyny pugtalandyrar hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňelder.

Beýleki habarlar