Nurana geljegiň eýeleri

8 Sentýabr 2023
445

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu ajaýyp wakanyň ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen utgaşmagy guwandyryjydyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakda we ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ata Watanymyz Türkmenistanyň uly işleri amala aşyrýandygynyň subutnamasydyr.

Bibi ROZYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar