Hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

8 Sentýabr 2023
304

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdiler.

Nygtalyşy ýaly, däp bolan döwletara gatnaşyklar köpýyllyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýar. Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar