Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

6 Sentýabr 2023
311

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly» atly halkara ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň çäklerinden geçdiler. 11 müň kilometrlik ýoly külterleýän ralliniň 15 ekipaždan ybarat düzümi Aşgabat şäherinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyldy.

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, esasan, ýeňil ulaglardan ybarat bolan halkara ralli ýaryşyna şu ýylyň 22-nji awgustynda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinden badalga berildi. Bolgariýadan Türkiýä geçen ekipažlar biziň ýurdumyza Eýranyň üsti bilen geldiler. Ýaryşyň guramaçylary Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Mongoliýa çenli ýoly dowam etdirmek isleýärler. Bu ýaryş halkara ralliniň ikinji ýaryşydyr. Ol birinji gezek geçen ýyl guraldy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar