«Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi

10 Sentýabr 2023
449

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly işewürler, şol sanda türkmen telekeçileri hem gatnaşdylar.

Sergä gatnaşyjylar türkmeniň milli mirasy bolan türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri, gap-gaçlary bilen ýakyndan tanşyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän mirasyna, däp-dessurlaryna çuňňur gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem olar ýurdumyzyň döwrebap binalarynyň ajaýyp suratlaryna syn etdiler we öz hoşallyklaryny aýtdylar.

«Biznes reklama».
Beýleki habarlar