"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.

Dünýäniň nazary toýly mekanda

Seýil-seýranly, çardagly, çarbagly ajap Watan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goja Zeminiň iň abadan künjegidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlaryň, täze edara binalarynyň dabaraly açylyşlary bilen birlikde Diýarymyzda ýokary derejeli maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Şeýle halkara derejeli forumlaryň biri Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» ady bilen geçirildi. Media foruma dünýäniň onlarça ýurdundan öňdebaryjy maglumat we teleýaýlymlar ulgamlarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň taryhy döwrüň içinde gazanan sepgitleri, ýeten derejeleri ummasyzdyr. Hut şu täzelikler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanylýar. Bu media forumyň döwrebap žurnalistika boýunça bilimlerini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde ýaşlar üçin ähmiýeti örän uludyr. Ýeri gelende, bu çärä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy, teleradio gepleşikleri guramak we alyp barmak hünäriniň talyplarynyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçirildi

Düýn, Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli halkara media forumy geçirildi. Geçirilen çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny pugatalandyrmakdan ybaratdyr. Foruma ýöriteleşdirilen düzümleriň, Türkmenistanyň hem-de dünýä döwletleriniň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň üstünliklerini halk köpçüligine ýetirmek we täze tehnologiýalaryň kömegi bilen habar beriş serişdeleriniň tutýan orny kesgitlendi.

Awstriýanyň Demir ýol kompaniýasy Türkmenistana ýük daşar

Awstriýanyň Federal demir ýollarynyň ýük bölümi “Orta geçelge” ady bilen tanalýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana ýük daşar. Şunda daşalýan ýüküň howpsuzlygy we ygtybarlygy doly üpjün edilip, ol 30 gün töwereginde eltiler. Halkara geçelge arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň saýlanyp alynmagy soňky döwürde bu ýurtlaryň Ýewropa döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu pudakdaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny öwrenmek maksady bilen şu ýylyň oktýabrynyň ahyrynda ýa-da noýabryň başynda koreý wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak ylalaşyldy.

Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy.  Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar. Wekiliýetiň agzalary portuň çäklerinde gezelenç etdiler, gämileriň ýüklenýän hem-de port polisiýasynyň bölümlerine baryp gördüler hem-de ýük we ýolagçy ýüklenende ýerine ýetirilýän howpsuzlyk amallary bilen tanyşdylar.  

Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişligine ynamly goşulyşýar

Düýn paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara mediaforum geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan bu wekilçilikli çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy. Ýeri gelende bellesek, şu günler Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyza gelýärler. Şolaryň hatarynda dünýäniň 15-e golaý döwletinden habarlar agentlikleriniň wekilleri hem halkara mediaforuma gatnaşmak maksady bilen Aşgabatda myhman bolýarlar. Olaryň baş baýramymyz mynasybetli guraljak döwlet derejesindäki beýleki çärelere-de gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Mediaforuma gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň «Большая Азия» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «SONY» korporasiýasynyň, «Russia Today», «TRT World» teleýaýlymlarynyň, «New Media Networks» kompaniýasynyň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Forumyň dabaraly açylyşynda, ilki bilen, 24-nji sentýabrda üstünlikli geçirilen Türkmeni

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: strategik hyzmatdaşlyk berkidilýär

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistan — Özbegistan: dostluk, hoşniýetlilik, ynanyşmak

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmen-rus gümrük hyzmatdaşlygy ösdürilýär

TÜRK­ME­NIS­TAN — EÝ­RAN: kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ugur­la­ry

Ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, goň­şy ýurt­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­ýär. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryn­da ýa­kyn goň­şy Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şu jä­het­den, Türk­me­nis­tan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len kö­pu­gur­ly hä­si­ýe­te eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge we pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly üns ber­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edi­lip, ola­ryň hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Mu­ňa iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry­nyň öza­ra sa­par­la­ry we ola­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­lar­dyr gep­le­şik­ler hem-de gol çe­ki­len döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry has-da tä­ze­çe ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. Mu­ňa köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar, hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­

Rus­si­ýada «ASIAEXPO 2023» Hal­ka­ra sergisi we maslahaty geçiriler

25 – 27-nji okt­ýab­r ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Kras­no­dar se­bi­tin­de «ASIAEXPO 2023» Hal­ka­ra ser­gi­si we maslahaty ge­çi­ri­ler. Bu hal­ka­ra çä­re dün­ýä­niň oba ho­ja­ly­gy pudagynda ýöriteleşen kompaniýalary bir ýere jemleýän dünýäniň iň uly forumydyr. Dün­ýäniň oba hojalyk ba­za­ry­nyň tä­ze ösüş ugur­la­ry üçin mö­hüm plat­for­ma­nyň 26 müň kwad­rat met­re deň ser­gi meý­dan­ça­syn­da geçiriljek bu halkara çärä Rus­si­ýa­nyň, Azi­ýanyň, Af­ri­kanyň, Ýa­kyn Gün­do­gar­yň hem-de GDA ýurt­la­ry­nyň 200-den gow­rak öň­de­ba­ry­jy se­na­gat kom­pa­ni­ýa­la­ry gatnaşar. «ASIAEXPO» hal­ka­ra mas­la­ha­ty oba ho­ja­ly­gy­nyň ösüşiniň global müm­kin­çi­lik­le­rini ösdürmek, netijeli pi­kir alyş­mak we da­şa­rky ba­za­rda tä­ze hyz­mat­daş­lyk­la­ry aç­mak üçin dün­ýä­niň iň uly plat­for­ma­sy­dyr. Bu çä­re dün­ýä­niň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de has-da ösdürmek mak­sa­dy bi­len, ag­ro­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň wekillerini bir ýe­re jem­leýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň asylly ýörelgesi

19-njy sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, «Türkmenawtoulaglary» agenliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ulag komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylyk we ösüş ýörelgelerine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, 18-19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Merkez işiniň 15 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda özüni häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy durmagyň çözgütlerini gözlemekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respub

Duşenbe sammitleri: umumy maksatlar, bilelikdäki tagallalar

14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitlere gatnaşmak maksady bilen dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyryp, ýokary derejeli duşuşyklarda çuň manyly çykyş etdi we sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Milli Liderimize hormat — milletimize mertebe

14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy. Şol gün geçirilen sebit ýurtlarynyň Liderleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany gowşuryldy. Munuň özi Milli Liderimiziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp bolandygyny, bitiren işleriniň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezen şanly waka öwrüldi. Sylaglamak dabarasynyň geçirilýän ýerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon çykyş edip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sy

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr (TDH). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady.