Milli Liderimize hormat — milletimize mertebe

21 Sentýabr 2023
713

14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistanda boldy. Şol gün geçirilen sebit ýurtlarynyň Liderleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany gowşuryldy. Munuň özi Milli Liderimiziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp bolandygyny, bitiren işleriniň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezen şanly waka öwrüldi.

Sylaglamak dabarasynyň geçirilýän ýerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon çykyş edip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen, sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly hyzmatlary bitiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanýandygyny habar bermegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bu çözgüdiň ýerine düşendigini aýdyp, döwlet Baştutany wezipesinde köpýyllyk netijeli işi bilen hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp bolandygyny nygtady.

Beýleki habarlar