Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

22 Sentýabr 2023
326

2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, «Türkmenawtoulaglary» agenliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ulag komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisde iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar