Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi

23 Sentýabr 2023
658

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň wekilçilikli çäre döwletimiziň geçen taryhy döwrüň dowamynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda alyp baran netijeli gatnaşyklaryna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlardyr talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatda Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlyk babatda alyp barýan oňyn syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda 32 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilip, geçen döwrüň içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşleriň gazanylandygy, ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwlete öwrülendigi nygtaldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 153 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara we sebit guramalarynyň 50-den gowragynyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda, ýurdumyz halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň 180-e golaýyna gatnaşýar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrýandygyny nygtadylar.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar