Türkmen-rus gümrük hyzmatdaşlygy ösdürilýär

25 Sentýabr 2023
519

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da häzirki wagtda ýur­du­my­zyň güm­rük eda­ra­la­ryn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha ös­dü­ril­ýär.

Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral güm­rük gul­lu­gy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha iş­jeň­leş­dir­ýär. Şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet döw­le­ti­miz­de sa­par­da bol­dy. Rus we­ki­li­ýe­ti­niň Türk­me­nis­ta­na bu ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de en­çe­me ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral güm­rük gul­lu­gy­nyň ara­syn­da iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma hem-de 2023 — 2025-nji ýyl­lar üçin güm­rük hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral güm­rük gul­lu­gy­nyň ara­syn­da öza­ra he­re­ket et­mek ha­kyn­da­ky Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di.

Ker­wen­gel­di AGA­BA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň Ahal we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.
Beýleki habarlar