Halkara hyzmatdaşlygyň asylly ýörelgesi

24 Sentýabr 2023
876

19-njy sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar