Rus­si­ýada «ASIAEXPO 2023» Hal­ka­ra sergisi we maslahaty geçiriler

25 Sentýabr 2023
406

25 – 27-nji okt­ýab­r ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Kras­no­dar se­bi­tin­de «ASIAEXPO 2023» Hal­ka­ra ser­gi­si we maslahaty ge­çi­ri­ler. Bu hal­ka­ra çä­re dün­ýä­niň oba ho­ja­ly­gy pudagynda ýöriteleşen kompaniýalary bir ýere jemleýän dünýäniň iň uly forumydyr. Dün­ýäniň oba hojalyk ba­za­ry­nyň tä­ze ösüş ugur­la­ry üçin mö­hüm plat­for­ma­nyň 26 müň kwad­rat met­re deň ser­gi meý­dan­ça­syn­da geçiriljek bu halkara çärä Rus­si­ýa­nyň, Azi­ýanyň, Af­ri­kanyň, Ýa­kyn Gün­do­gar­yň hem-de GDA ýurt­la­ry­nyň 200-den gow­rak öň­de­ba­ry­jy se­na­gat kom­pa­ni­ýa­la­ry gatnaşar.

«ASIAEXPO» hal­ka­ra mas­la­ha­ty oba ho­ja­ly­gy­nyň ösüşiniň global müm­kin­çi­lik­le­rini ösdürmek, netijeli pi­kir alyş­mak we da­şa­rky ba­za­rda tä­ze hyz­mat­daş­lyk­la­ry aç­mak üçin dün­ýä­niň iň uly plat­for­ma­sy­dyr. Bu çä­re dün­ýä­niň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de has-da ösdürmek mak­sa­dy bi­len, ag­ro­se­na­gat top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň wekillerini bir ýe­re jem­leýär.

Gülnabat ŞATLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar