Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: strategik hyzmatdaşlyk berkidilýär

25 Sentýabr 2023
363

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar