"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ýurdum — mertebäm

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, sowatly hem-de bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda belent sepgitlere ýetilýär. Ajaýyp üstünliklere hem-de ösüşlere beslenen Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň rowaç alýan beýik işleriniň esasynda gül açýar. Halkymyz şatlykly günleri başdan geçirýär. Türkmeniň mertebesini arşa göteren paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde gurlan ak mermerli binalar, goňşy Owganystanda durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi beýik ösüşlerimiziň görkezijisidir.

Parahatçylyk energetikasy, hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasy

Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyk dörediji orny halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy fewralda «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Ozaly bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de bu hereketiň wekilleri tarapyndan resmi taýdan goldanylan düzümleýin halkara taslamalara gatnaşyjy ýurtlar gyzyklanmalaryny beýan etdiler, bu barada türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň jemleýji resminamasynda beýan edildi.

Türkmen Lideriniň halklary parahatçylyga we ynanyşmaga alyp barýan pähim-paýhasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi» diýip, bu şygaryň nä derejede ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we biziň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletiniň öz ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde mynasyp orna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Şu hakykat halkymyzyň geçen taryhy ýoly bilen kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň biri-birine ynamly gatnaşyklaryny döreden bolsalar, öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly ýagdaýlary gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň, yna

Türkmenistan — BAE: dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

2021-nji ýylyň 2 — 4-nji fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, turuwbaşdan, ýurdumyz we tutuş sebit ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Şeýle wakalar Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça 500 kilowolt güýji bolan, 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabaralarydyr. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa hökmünde girdi. Bu Ähtnama ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň netijesidir, özara hyzmatdaşlykda Hazaryň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek boýunça gazanylan ilkinji hukuk binýadydyr.

Öz sözüni sözläp, öz sazyn çalýan, türkmen dünýäň ýüregine ýol salýar

Eger-de ene hakynda söz aç, ýa enäni suratlandyrýan eseri çekip görkez diýilse, öz düşünjäň boýunça ene mukaddesligini emele getirýän köp zat hakynda aýdasyň, suratlandyrasyň geler. Bu biziň pikirimizçe, kadaly ýagdaý. Çünki «ene» diýilse, göz öňüňe halal we mähriban maşgala ojagy, şol ojakda gülüp-oýnap ulalýan perzentler, üsti naz-nygmatdan doly bereketli saçak, içinde Güne meňzeş çörekler bişip duran gupba ýaly tamdyr we ýene şoňa meňzeş birnäçe zatlar gelýär. Edil şonuň ýaly, meniň hem elime ak kagyz bilen galam berip, türkmen milletini, türkmençilik diýlen düşünjäni suratlandyr diýilse, hökmany şekillendirjek ençeme gymmatlyklarym bar. Olar: goýny müň bir derde derman üzärlikdir ýandak, selin-sazak ýaly ýüzlerçe ot-çöplerden doly, altynsow çägeli Garagum sährasy, asyrlaryň şaýady bolan belent başly Köpetdag, tolkunlary joşly göwün ýaly owsunyp duran Awaza, jylawyna towsup duran dal boýun ahalteke bedewi, agyl doly saryja goýun, garysyny ýassanyp ýatan merdana alabaý iti, göllerinde çeper elli gelin-gyzlarynyň kalp syrlary görnen gyzyl köz ýaly türkmen halysy, tarlarynda setir-setir mukam bary düzülip duran dutary, ak niýet deý ak kepderileriň ganat ýaýýan gök Asmany, ak bugdaýyň parlap çykýan mele topragy... Sanadygyňça sogaby artýan bu sanaw,

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar. Hususan-da, maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.

Işjeň hyzmatdaşlygyň nyşany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, netijeli, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamak we ösdürmek bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin, halkymyz üçin bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda ägirt uly işleri alyp barýar.

Doganlyk gatnaşyklar berkidilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Berkarar Diýarymyz ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen uly üstünlikleri gazanýar. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döwrebap ugurlarynyň kemala getirilmegi yklymda ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gözbaşyny gadymyýetden alýan türkmen — owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir şanly sahypa açyldy. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýoluň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi iki goňşy döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine çykarýar. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýol, Aziýanyň demir ýol ulgamynda hem möhüm bölege öwrüler. Owganystanyň sebitde köpugurly ulag ýollaryny döretme

Dabara geçirildi

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli bu strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de goldawa eýe bolýar. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

Dostuň dogan bolanda

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga daýanýan gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky taýsyz tagallalary ähmiýetli orun eýeleýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň syýasy, ykdysady durnuklylygyny, parahatçylygyny saklamakda we olaryň ösüşini gazanmakda Türkmenistan goňşy döwlet hökmünde uly işleri durmuşa geçirdi we geçirmegini dowam edýär. Munuň iň täze we täsirli mysalyny ýakynda, has takygy, 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň ulanmaga berilmeginde, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmeginde-de göz ýetirmek bolýar.

Dost-doganlygyň ýoly

Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur derwaýyslyklaryň biridir. Biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bu ýörelgeler taryhyň bütin dowamynda hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň möhüm şertine öwrülip gelýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasat taglymatynda, 2021-nji ýyl üçin saýlan — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň öňe süren teklibi esasynda kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muny nobatdaky gezek subut etdi. Bu Kararnamada bellenilişi ýaly, parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry hem-de öňe sürýän başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň bähbidine dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. 2021-nji ýylyň şygary türkmen halkynyň milli ýörelgele

Halkara hyzmatdaşlygy: täze ugurlar we öňde durýan wezipeler

Häzirki döwürde adamzadyň durmuşyny energiýa üpjünçiliksiz göz öňüne getirmek örän kyn. Bizi gündelik gurşap alýan zatlaryň ählisi energiýa harçlanmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Energiýa howpsuzlygy, üpjünçiligi ýaly meseleler bütindünýä gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýyly «Hemmeler üçin halkara energiýa ýyly» diýip yglan etmegi ýa-da edil şol ýyl bu babatda Jarnamanyň kabul edilmegi hem-de 2015-nji ýylda bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan ählumumy kabul edilen Ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 7-nji maksadynyň hut energiýa üpjünçiligi bilen bagly bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Dö­wür we ma­ha­bat

Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyby gün-günden ýaýbaňlanýar, olara bolan isleg içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelýär. Köp harytlarymyz daşary ýurt bazarlarynda öz orunlaryny tapdylar. Hormatly Prezidentimiz milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň eksportynda paýyny artdyrmak, olary ýerlemek boýunça ösen marketing gullugyny döretmek, eksporta gidýän taýýar önümleriň möçberini artdyrmak, öndürmekde we eksport etmekde hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek meselelerini birjikde üns merkezinden düşürmeýär.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

AŞGABAT, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda pudagara toparyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan – Azerbaýjan Respublikasy: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi. Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşindäki şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär. Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebi

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Gatnaşyklar berkidilýär

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Geňeşmeleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly sebit we halkara düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi barada aýdyldy.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 14 — 15-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şonda milli Liderimiziň olaryň işine ak pata bermegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji günleriniň şanly wakalary bolup, ähli türkmenistanlylary guwandyrdy. 14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Kerkiden Owganystanyň Şibirgan şäherine çenli ugur boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe goýberilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.