Ýurdum — mertebäm

8 Fewral 2021
1177

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, sowatly hem-de bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda belent sepgitlere ýetilýär. Ajaýyp üstünliklere hem-de ösüşlere beslenen Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň rowaç alýan beýik işleriniň esasynda gül açýar. Halkymyz şatlykly günleri başdan geçirýär.

Türkmeniň mertebesini arşa göteren paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde gurlan ak mermerli binalar, goňşy Owganystanda durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi beýik ösüşlerimiziň görkezijisidir.

Arazmuhammet NURYÝEW,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar