Doganlyk gatnaşyklar berkidilýär

1 Fewral 2021
1297

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Berkarar Diýarymyz ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen uly üstünlikleri gazanýar. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döwrebap ugurlarynyň kemala getirilmegi yklymda ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gözbaşyny gadymyýetden alýan türkmen — owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir şanly sahypa açyldy. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýoluň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijiniň ulanylmaga berilmegi iki goňşy döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine çykarýar. Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän demir ýol, Aziýanyň demir ýol ulgamynda hem möhüm bölege öwrüler. Owganystanyň sebitde köpugurly ulag ýollaryny döretmegiň taslamalaryna çekilmegi bilen ol öz geografik artykmaçlyklaryny Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr merkezi hökmünde peýdalanmak mümkinçiligine-de eýe bolýar. Şunda owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt harytlaryny ýurda gysga we amatly ýol bilen getirmek mümkinçiligi hem döredilýär.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň taslamasy boýunça hem işler maksadalaýyk amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabry «Kerki — Ymamnazar — Akina» demir ýolunyň açylan güni hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy, onuň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär. Demir ýoluň açylyş dabarasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystanyň iň ýokary sylagy bolan «Gazy Muhammad Akbar han» atly Döwlet medalyny gowşurdy. Türkmen — owgan gatnaşyklary ylym-bilim ulgamynda hem üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem Owganystanly ýaşlaryň 17-si bilim alýar.

Gülşirin ABAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar