Dostuň dogan bolanda

31 Ýanwar 2021
1484

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga daýanýan gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky taýsyz tagallalary ähmiýetli orun eýeleýär.

Owganystan Yslam Respublikasynyň syýasy, ykdysady durnuklylygyny, parahatçylygyny saklamakda we olaryň ösüşini gazanmakda Türkmenistan goňşy döwlet hökmünde uly işleri durmuşa geçirdi we geçirmegini dowam edýär. Munuň iň täze we täsirli mysalyny ýakynda, has takygy, 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň ulanmaga berilmeginde, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmeginde-de göz ýetirmek bolýar.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar