Öz sözüni sözläp, öz sazyn çalýan, türkmen dünýäň ýüregine ýol salýar

3 Fewral 2021
1169

Eger-de ene hakynda söz aç, ýa enäni suratlandyrýan eseri çekip görkez diýilse, öz düşünjäň boýunça ene mukaddesligini emele getirýän köp zat hakynda aýdasyň, suratlandyrasyň geler. Bu biziň pikirimizçe, kadaly ýagdaý. Çünki «ene» diýilse, göz öňüňe halal we mähriban maşgala ojagy, şol ojakda gülüp-oýnap ulalýan perzentler, üsti naz-nygmatdan doly bereketli saçak, içinde Güne meňzeş çörekler bişip duran gupba ýaly tamdyr we ýene şoňa meňzeş birnäçe zatlar gelýär. Edil şonuň ýaly, meniň hem elime ak kagyz bilen galam berip, türkmen milletini, türkmençilik diýlen düşünjäni suratlandyr diýilse, hökmany şekillendirjek ençeme gymmatlyklarym bar. Olar: goýny müň bir derde derman üzärlikdir ýandak, selin-sazak ýaly ýüzlerçe ot-çöplerden doly, altynsow çägeli Garagum sährasy, asyrlaryň şaýady bolan belent başly Köpetdag, tolkunlary joşly göwün ýaly owsunyp duran Awaza, jylawyna towsup duran dal boýun ahalteke bedewi, agyl doly saryja goýun, garysyny ýassanyp ýatan merdana alabaý iti, göllerinde çeper elli gelin-gyzlarynyň kalp syrlary görnen gyzyl köz ýaly türkmen halysy, tarlarynda setir-setir mukam bary düzülip duran dutary, ak niýet deý ak kepderileriň ganat ýaýýan gök Asmany, ak bugdaýyň parlap çykýan mele topragy... Sanadygyňça sogaby artýan bu sanaw, türkmen halkynyň maddy we ruhy baýlyklardan guratdygyny aňladýar.

Milli gymmatlyklarymyzdan söz açylsa, ýadyma geçen ýylyň aýaklarynda, ýagny 4-nji dekabrda paýtagtymyzda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat düşýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hem-de Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan forum türkmen halkynyň asyrlar aşsa-da ýitmän, gaýta baýlaşyp, kämilleşip gelen milli gymmatlyklarynyň dünýä hazynasyndan orun almaga mynasypdygyna şaýatlyk edýän ýatdagalyjy çäreleriň biri bolupdy.

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».
Beýleki habarlar