«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

3 Fewral 2021
1138

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar.

Hususan-da, maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar