Dabara geçirildi

1 Fewral 2021
1059

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli bu strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de goldawa eýe bolýar. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Beýleki habarlar