"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan döwletine şu gezekki resmi sapary köpasyrlyk medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baý taryhy tejribesi baglanyşdyrýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has ýokary derejede ösdürmegiň berk we ygtybarly binýadyny goýdy. Täze taryhy eýýamda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar indi çärýek asyrdan ýokarda ölçenilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe golaý goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň, däp-dessurlaryň, ahlak sütünleriň umumylygy bilen hem birleşendirler. Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen, täze many-mazmuna eýe bolýar. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki, özara dostlugy oňaýly täsir edýär.

Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegi hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny hemişe ileri tutýar. Gahryman Arkadagymyz aýdyň ýörelgelere daýanyp, goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ýörelgeleriniň esasynda baky Bitaraplygymyzyň binýat bolýandygyny paýhasly belleýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän parahatçylygy we ynanyşmagy dabaralandyrmak maksatly başlangyçlary, teklipleri hoşniýetli gatnaşyklara düýpli badalga berýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine mümkinçilik döredýär.

«Türk­me­ne aga diýr öz­be­giň di­li, Öz­be­ge do­gan diýr türk­me­niň di­li»

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde guralan dostluk konsertinde ýaňlanan jemleýji aýdymdan alnan bu sözler, hakykatdan-da, türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň ezeldendigini subut edýär. Jeýhunyň mele suwy müňýyllyklaryň dowamynda Amyderýany ýakalap oturan bu halklaryň bagryny badaşdyrypdyr. Bagry badaşan iki halkyň saçakly gatnaşyp, birek-biregiň üstünliklerine begenip, kyn gününde goldamagy asylly däbe öwrülip gidipdir. 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparyny köp synçylar, halkara bilermenler taryhy waka diýip atlandyrdylar. Munuň özi tötänlik däldir. Çünki türkmen we özbek halklaryny müňýyllyklardan gaýdýan umumy taryhy ýakynlyk, dil, medeni, ruhy we beýleki umumylyklar baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigini iki döwletiň Baştutanlary Daşkentde geçirilen ýokary derejeli syýasy gepleşiklerde-de tekrarladylar.

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä çykýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler 4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Dostluk daragtynyň miweleri

Dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly we parahatçylyksöýüjilikli gatnaşyklary ileri tutýan abraýly döwletleriň hatarynda Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öňe saýlanýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde dünýä we sebit döwletleri bilen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň özara daşary söwda dolanyşygy boýunça, şu ýylyň dokuz aýynyň jemlerine görä, Özbegistan Respublikasyna öňdäki orun degişli bolup, ol ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň giň gerimini tassyklaýar. Türkmenistandan goňşy ýurda nebit we nebit önümleri, mehaniki enjamlar, plastmassa we ondan ýasalýan önümler, himiýa, oba hojalyk harytlary we beýleki serişdeler eksport edilýär. Özbegistandan ýurdumyza oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk materiallary, himiýa we taýýar dokma önümleri import edilýär.

Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze sahypasy

5-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 4-nji oktýabrda milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy. Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. 4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasyndaky möhüm işewürlik çäresine öwrüldi. Onuň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary-da geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda berkidildi. Şol resminamalar bolsa türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk — taraplar),

Netijeli hyzmatdaşlyk

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hem Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň Hazar sammitlerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň bu ugurda maksada okgunly işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy, Türkmenistanyň 2013—2014-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitete başlyklyk etmek bilen Hazaryň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny düzmäge işjeň gatnaşandygyny we oňa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitinde gol çekilmegi buýsanç bilen bellärliklidir.

Beýik işleriň eýýamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, geljekde edilmeli işleriň üstünde jikme-jik durup geçdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmenistan häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda beýik ösüşlere eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ösüşleriň ösen döwletleriň tejribelerine daýanmak arkaly gazanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek üçin goýlan iri maýa goýumlaryň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigine ünsi çekdi. Şonuň 60 göterim töweregi senagaty ösdürmäge niýetlenen önümçilik kärhanalaryny gurmaga goýuldy. Milli ykdysadyýetimiz, ylym-bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlary uly kuwwata eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebit, gaz, uglewodorod serişdelerine baýlygy hakynda, halkymyzyň tebigy gaz bilen üpjün edilişi barada, şeýle hem mawy ýangyjyň daşary ýurtlara ugradylyşy hakynda, Türkmenistan — Owga

Türkmenistan — Özbegistan Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bilen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler Daşkent — Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki beýannamasy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk — taraplar),

Türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň tä­ze sa­hy­pa­sy

4-nji okt­ýabr­da gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow iki gün­lük res­mi sa­par bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ug­ra­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Daş­kent şä­he­ri­niň Ys­lam Ka­ri­mow adyn­da­ky Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de gon­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wy uça­ryň ýa­nyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Halklary dostlaşdyrýan gatnaşyklar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly özgerişlere, ösüşlere beslenýän ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. Dünýä döwletleri bilen, şol sanda, goňşy ýurtlar bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli ädimler ädilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy hem Özbegistan Respublikasydyr. Soňky ýyllarda dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanan ýurtlaryň sany barha köpelýär.

Köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy Aşgabat — Daşkent, 4-nji oktýabr (TDH). Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.

Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylyk

Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, gadymyýetden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary yzygiderliligi hem-de ulgamlaýynlygy bilen häsiýetlendirilýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde iki ýurda döwlet, resmi we iş saparlarynyň 23-siniň amala aşyrylmagy munuň aýdyň delilidir. Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýlup, şondan bäri geçen döwürde iki döwletiň arasynda dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Türkmenistan bilen Özbegistany taryhyň, medeniýetiň, gymmatlyklaryň umumylygy, diliňdir däp-dessurlaryň ýakynlygy özara birleşdirmek bilen, ol iki ýurduň we halklaryň ygtybarly hyzmatdaşlyk saklamagyna aýratyn itergi berýär. Döwletleriň ikisi-de özygtyýarlylygyny hem-de Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, daşary syýasatda oňyn gatnaşyklaryny netijel

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady

«EKSPO» Bütindünýä sergisi 1851-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Wagtyň geçmegi bilen, bu sergi Olimpiýa oýunlary, Dünýä çempionatlary bilen deňeşdirilip başlandy. Häzirki wagtda adam durmuşyna ykjam ornaşan tehnikalar, has dogrusy, reňkli telewizorlar, el telefonlar, hatda pomidor goýaltmasy ýaly beýleki gündelik harytlar hem ilkinji gezek «EKSPO» Bütindünýä sergisinde tanyşdyryldy. 1851-nji ýyldan bäri «EKSPO» sergileri London, Sent-Luis, Pariž, Nýu-Ýork, Osaka, Şanhaý ýaly dünýäniň iri şäherlerinde myhmanlary kabul etdiler. Bu ýyl bolsa Dubaý şäheri özüniň özboluşly taryhy geçmişi bilen bu sanawa adyny ýazdyrýar.

«EKSPO — 2020»: iri ykdysady gözden geçiriliş

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän iri gözden geçiriliş — «EKSPO — 2020» sergisine gatnaşýar. Dünýäde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar bilen baglylykda bir ýyl yza süýşürilen sergi 1-nji oktýabrda öz işine başlady. Bu Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Arap Emirlikleri bilen alnyp barylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem özüniň uly täsirini ýetirer. «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçirilýän sergä dünýä döwletleriniň 190-sy öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. 6 aýlap dowam etjek «EKSPO — 2020» sergisinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli güni guralar.

Hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän aýdyň maksatly halkara gatnaşyklaryndaky giň gerimli beýik işler özüniň datly miwelerini berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler türkmen halkynyň eşretli durmuşyna gönükdirilmek bilen bir hatarda, goňşy ýurtlaryň, şeýle-de, dünýäniň beýleki döwletleriniň parahat durmuşda ýaşamaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge ummasyz goşant goşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde hem uly orun eýeleýär. Hemişelik Bitaraplygyň parahatçylykly, dostluky ýoly bilen Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna barýan Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen jemgyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin zerur şertler döredil

Hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri

Golaýda mähriban halkymyz özüniň täze taryhynyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senäni — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny uludan belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly wakalara beslendi. Asylly däbe görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramynyň şanyna eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly ajaýyp desgalar ulanmaga berildi. Mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýän öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Bu dabaralar ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz

Milli Liderimiziň ählumumy başlangyçlary

Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine gönükdirilendir Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi açyldy. 21 — 27-nji sentýabrda bolsa utgaşykly görnüşde mejlisiň esasy bölegi — umumy geňeşmeleriň hepdeligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli geňeşmeleriň ilkinji gününde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi.