Halklary dostlaşdyrýan gatnaşyklar

5 Oktýabr 2021
1223

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly özgerişlere, ösüşlere beslenýän ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. Dünýä döwletleri bilen, şol sanda, goňşy ýurtlar bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli ädimler ädilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy hem Özbegistan Respublikasydyr.

Soňky ýyllarda dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar we ykdysady hyzmatdaşlyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanan ýurtlaryň sany barha köpelýär.

Täçnabat PAÝTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar