Beýik işleriň eýýamy

6 Oktýabr 2021
1158

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, geljekde edilmeli işleriň üstünde jikme-jik durup geçdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmenistan häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda beýik ösüşlere eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ösüşleriň ösen döwletleriň tejribelerine daýanmak arkaly gazanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek üçin goýlan iri maýa goýumlaryň 200 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigine ünsi çekdi. Şonuň 60 göterim töweregi senagaty ösdürmäge niýetlenen önümçilik kärhanalaryny gurmaga goýuldy. Milli ykdysadyýetimiz, ylym-bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlary uly kuwwata eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebit, gaz, uglewodorod serişdelerine baýlygy hakynda, halkymyzyň tebigy gaz bilen üpjün edilişi barada, şeýle hem mawy ýangyjyň daşary ýurtlara ugradylyşy hakynda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy babatda aýratyn belläp geçdi.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar