Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady

7 Oktýabr 2021
1244

Hormatly Prezidentimiziň goňşy Özbegistan döwletine şu gezekki resmi sapary köpasyrlyk medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baý taryhy tejribesi baglanyşdyrýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has ýokary derejede ösdürmegiň berk we ygtybarly binýadyny goýdy. Täze taryhy eýýamda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar indi çärýek asyrdan ýokarda ölçenilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe golaý goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň, däp-dessurlaryň, ahlak sütünleriň umumylygy bilen hem birleşendirler. Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen, täze many-mazmuna eýe bolýar. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki, özara dostlugy oňaýly täsir edýär.

Alladurdy ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdirliginiň müdiri.
Beýleki habarlar