Netijeli hyzmatdaşlyk

6 Oktýabr 2021
1042

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler hem Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň Hazar sammitlerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň bu ugurda maksada okgunly işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Has takygy, Türkmenistanyň 2013—2014-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitete başlyklyk etmek bilen Hazaryň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny düzmäge işjeň gatnaşandygyny we oňa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitinde gol çekilmegi buýsanç bilen bellärliklidir.

Nurjemal ORANÝAZOWA,
Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar