Türkmenistan — Özbegistan: gatnaşyklaryň täze sahypasy

6 Oktýabr 2021
1119

5-nji oktýabrda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 4-nji oktýabrda milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy. Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasyndaky möhüm işewürlik çäresine öwrüldi. Onuň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary-da geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda berkidildi. Şol resminamalar bolsa türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

"Nesil".
Beýleki habarlar