Hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri

1 Oktýabr 2021
1234

Golaýda mähriban halkymyz özüniň täze taryhynyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senäni — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny uludan belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly wakalara beslendi.

Asylly däbe görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramynyň şanyna eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly ajaýyp desgalar ulanmaga berildi. Mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterýän öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Bu dabaralar ykdysadyýetde we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Diýarymyzyň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini has-da belende göterýär, biziň her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.

Maral RAHYMOWA,
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň 3-nji sekretary.
Beýleki habarlar