«EKSPO — 2020»: iri ykdysady gözden geçiriliş

3 Oktýabr 2021
1063

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän iri gözden geçiriliş — «EKSPO — 2020» sergisine gatnaşýar. Dünýäde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar bilen baglylykda bir ýyl yza süýşürilen sergi 1-nji oktýabrda öz işine başlady. Bu Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Arap Emirlikleri bilen alnyp barylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem özüniň uly täsirini ýetirer.

«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçirilýän sergä dünýä döwletleriniň 190-sy öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. 6 aýlap dowam etjek «EKSPO — 2020» sergisinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli güni guralar.

Rahym BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar