"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Ilkinji «Agroexpress» otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar

business.com.tm web-saýtynyň habar bermegine görä, «RŽD» AGPJ-niň «RŽD Logistika» golçur kompaniýasy we «Suhoý Port Ýužnouralskiý» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otlynyň ýüki süle we däne önümlerinden ybaratdyr. Otly Sarahs menzilinden Eýranyň çägindäki Bender Abbas portuna, soňra bolsa deňziň üsti bilen Hindistanyň Mundra portuna barar. Süle we däne önümleri ýüklenen otlynyň bellenilen porta 35 günüň dowamynda barmagy göz öňünde tutulýar.

Azyk howpsuzlygy boýunça maslahat geçiriler

Şu ýylyň 26 — 28-nji iýuny aralygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda «Söwda işine kömek» boýunça global syn geçiriler. Oňa gatnaşyjylar üçin 30-njy aprelde hasaba alyş işleri başlandy. «Esasy söwda» diýlip atlandyrylan bu çäre oňa gatnaşyjylara täze mümkinçilikleri, ýagny ösüp barýan ykdysadyýetleriň, şol sanda has ösen ýurtlaryň ösüp barýan ýurtlara kömek etmegi üçin 687 milliard amerikan dollary möçberinde 18 ýyllyk söwda gerimi barada maglumat almaga mümkinçilik döreder. Iki ýarym günüň dowamynda ýokary derejeli 4 sany umumy, 55 sany plenar mejlis geçiriler. Bu çäre ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, söwda we ösüş boýunça hünärmenleri bir ýere jemläp, ösüp barýan ýurtlaryň söwda mümkinçiliklerini has-da giňelder. Şeýle hem pikir alyşmalar maliýeleşdirmegiň ähli zerurlyklaryna, halkara jemgyýetçiliginde goşmaça söwda mümkinçiliklerini peýdalanmagyň usullaryna aýdyňlyk girizer. Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýerine ýetiriji direktory dabarany açyp, ýokary derejeli wekiller bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi habar gullugyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikde Owganystanyň günbatar böleginde, uly ähtimallyk bilen Hyratda logistika merkezini gurmaklygy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. Bu barada ministriň sözlerine salgylanyp, «Reuters» habar berýär. Ministriň aýtmagyna görä, üçtaraplaýyn logistika merkezini döretmekden maksat, Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazaryna gatnaşyjy taraplaryň harytlarynyň, şol sanda, rus nebitiniň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

«Russiýadan eltip bermek» ulag kompaniýasy Türkmenistana haryt getirmek üçin dürli ýükleri hödürleýär

«Russiýadan eltip bermek» ulag kompaniýasy ýük daşama bazaryndaky öňdebaryjy operatorlaryň biri bolmak bilen müşderilerine Türkmenistanyň islendik nokadyna haryt getirmek üçin giňişleýin çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa ulag hyzmatlary bazarynda 2013-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň wezipesi ýükleri müşderilerine mümkin bolan iň elýeterli bahalarda eltip bermek, amatly ulag we logistika hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan beýik özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýol-ýörelgelere berk eýerilip, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Muňa ýaş nesillerimizi durmuş taýdan goramak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary netijesinde 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri halkara derejede uly gyzyklanma döredýär. Bu hakykat golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji me

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Halkara giňişlikde

Türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi Golaýda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary B.Akçapar bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iň ýokary hem-de ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orna eýedigini belläp, taraplar Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Energetika we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine-de garaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklary uzak asyrlardan bäri goňşuçylyk gatnaşygynda bolup, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Muňa 30-njy aprelde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň meseleleri boýunça yzygiderli dialog üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary munuň aýdyň güwäsidir. Şol saparyň dowamynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka sapary

Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi. Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Hyzmatdaşlygyň wajyp ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyna gönükdirilen ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniň tebigy gurşaw bilen sazlaşyklylykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisidir. Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi hem-de oňa köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garaýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 30-njy aprelinde Lebap welaýatynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem tassyklaýar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Maslahatda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini, şeýle hem oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamak, halkymyzyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2-nji maýda Oman Soltanlygynyň söwda, senegat we maýa goýumlara ýardam etmek ministri Kaýs bin Muhammad al-Ýusufy kabul etdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de Owganystanyň üstünden geçjek demir ýoluň gurluşygy barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Eýranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp biler

Türkmenistanyň telekeçileri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 7-10-njy maýda Tähranda geçiriljek ilkinji tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine gatnaşyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär. ECOTEX Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň pudak öňdebaryjylaryny we bilermenlerini bir ýere jemlemek bilen iň täze tehnologiýalary tanyşdyrmak üçin meýdança bolup durýar.

«Türkiýäniň asyry» eksport sammitinde ulag ulgamyň möhüm meselelerine seredildi

Halkara ekspeditorlar birleşiginiň (UND) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Şerafettin Aras Söwda ministrliginiň howandarlygynda «Albayrak Medya» tarapyndan guralan «Türkiýäniň asyry» eksport sammitine gatnaşdy. Söwda ministri Ömer Bolat, ministriň orunbasary Wolkan Agar, TİM-iň ýolbaşçysy Mustafa Gülle, TOBB-niň başlygy Rıfat Hisarçyklyogly we DEİK-iň prezidenti Nail Olpagyň gatnaşmagynda Stambul Kongres merkezinde geçirilen sammitde Şerafettin Aras halkara ulag pudagyndaky möhüm meseleler we çözgüt teklipleri barada giňişleýin çykyş etdi.

Türkmenistan — BMG: ilat we ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Ol «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi. Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda halklaryň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Zandynda dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak ýaly häsiýetler jemlenen halkymyz birek-birege ynanyşmak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar, ýagny gepleşikler arkaly çözmek ýörelgesine ygrarly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz parahatçylygy gazanmak medeniýetiniň mazmunyny kämilleşdirip, türkmen Bitaraplygynyň berk binýadyny emele getiripdirler. Islendik çylşyrymly meselede türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjiligi çelgi edinen maksatlarynyň syýasy jedellerde, düşünişmezliklerde, döwletleriň birek-birege garşy ulanýan hukuk taýdan gadaganlyklaryndan ýa-da ýaragly güýçlerinden rüstemdigi, onuň parasada, adamzadyň abadançylygyna gulluk etmäge daýanýandygy biziň günlerimizde hem nusgalyk mysala öwrüldi.

Döwletli ýörelgelerimiz dünýäniň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Bu syýasat köptaraplaýyn hem-de ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasy strategiýasy ýurdumyza özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de ösdürmäge uly itergi berýär. Halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýanyň we daşky gurşawyň abadançylygyny goramak bilen bagly wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi

Türkmenabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini göz öňünde tutup, diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýärler.

Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Bakuda 17-nji halkara «Caspian Agro» sergisi geçiriler

15-17-nji maý aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda halkara 17-nji Azerbaýjan «Caspian Agro» sergisi geçiriler. «Caspian Agro» sebitdäki iň uly oba hojalyk sergisidir. Agrosenagat pudagy uly geljegi bolan ykdysadyýetiň çalt ösýän pudagydyr. Sergi ýene Azerbaýjanyň agrosenagat toplumynyň ýurduň we daşary döwletleriň öňdebaryjy gatnaşyjylary bolan importçylary, eksportçylary, oba hojalyk önümlerini paýlaýjylary, lomaý we bölek söwda wekillerini, şeýle hem müňlerçe ýörite hünärmenleri, şol sanda maldarçylyk hojalyklaryny özünde jemlär. Azerbaýjandan başga-da Belarus, Belgiýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Italiýa, Hytaý, Latwiýa, Gollandiýa, Russiýa Federasiýasy, Serbiýa, ABŞ, Türkiýe, Finlýandiýa, Fransiýa, Çehiýa, Estoniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň kompaniýalary sergä gatnaşarlar.