Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi

1 Maý 2024
141

Türkmenabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini göz öňünde tutup, diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýärler.

Beýleki habarlar