Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

6 Maý 2024
272

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan beýik özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýol-ýörelgelere berk eýerilip, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýar. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Muňa ýaş nesillerimizi durmuş taýdan goramak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary netijesinde 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri halkara derejede uly gyzyklanma döredýär. Bu hakykat golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde ýene bir gezek aýdyň beýanyny tapdy. Bu mejlise ýurdumyzdan ýörite wekiliýet gatnaşdy. «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen geçirilen bu mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyryldy. Hususan-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guralyp, ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Baueriň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Guptanyň, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagy ýurdumyzda dünýä nusgalyk derejede alnyp barylýan ynsanperwer işleriň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Çärede Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygy nygtalyp, şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine üns çekildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, gaznanyň işi köpugurly häsiýete eýedir. Ol çagalara çylşyrymly lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilmegini, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň satyn alynmagyny, çagalara bejeriş-öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş hem-de bejeriş amallarynyň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmek ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Bu haýyr-sahawat gaznasy birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine gatnaşdy. Çärede Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagynyň ýurdumyzyň çaganyň hukuklarynyň goraglylygy, olaryň bagtyýar durmuşyny we nurana geljegini üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleriniň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi bolandygy bellenildi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, onuň alyp barýan ynsanperwer işleriniň ähmiýeti bilen bagly wideoşekilleriň hem çärä gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirilmegi has-da täsirli boldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar