Azyk howpsuzlygy boýunça maslahat geçiriler

6 Maý 2024
153

Şu ýylyň 26 — 28-nji iýuny aralygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda «Söwda işine kömek» boýunça global syn geçiriler. Oňa gatnaşyjylar üçin 30-njy aprelde hasaba alyş işleri başlandy. «Esasy söwda» diýlip atlandyrylan bu çäre oňa gatnaşyjylara täze mümkinçilikleri, ýagny ösüp barýan ykdysadyýetleriň, şol sanda has ösen ýurtlaryň ösüp barýan ýurtlara kömek etmegi üçin 687 milliard amerikan dollary möçberinde 18 ýyllyk söwda gerimi barada maglumat almaga mümkinçilik döreder.

Iki ýarym günüň dowamynda ýokary derejeli 4 sany umumy, 55 sany plenar mejlis geçiriler. Bu çäre ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, söwda we ösüş boýunça hünärmenleri bir ýere jemläp, ösüp barýan ýurtlaryň söwda mümkinçiliklerini has-da giňelder. Şeýle hem pikir alyşmalar maliýeleşdirmegiň ähli zerurlyklaryna, halkara jemgyýetçiliginde goşmaça söwda mümkinçiliklerini peýdalanmagyň usullaryna aýdyňlyk girizer. Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýerine ýetiriji direktory dabarany açyp, ýokary derejeli wekiller bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

Baýram ÖWLÝÄGULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar