Döwletli ýörelgelerimiz dünýäniň ýalkymy

1 Maý 2024
393

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Bu syýasat köptaraplaýyn hem-de ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasy strategiýasy ýurdumyza özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem dünýä döwletleri bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de ösdürmäge uly itergi berýär.

Halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýanyň we daşky gurşawyň abadançylygyny goramak bilen bagly wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine, azyk howpsuzlygy hem-de beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine işjeň gatnaşýar.

Gülbahar AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar