Ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

3 Maý 2024
264

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň halklary uzak asyrlardan bäri goňşuçylyk gatnaşygynda bolup, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Muňa 30-njy aprelde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýdyň subutnamadyr.

Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň meseleleri boýunça yzygiderli dialog üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary munuň aýdyň güwäsidir. Şol saparyň dowamynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

«Nesil».
Beýleki habarlar