“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi

4 Maý 2024
133

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.

Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Beýleki habarlar