Hyzmatdaşlygyň wajyp ugry

3 Maý 2024
239

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyna gönükdirilen ýurdumyzyň ykdysady özgertmeleriniň tebigy gurşaw bilen sazlaşyklylykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisidir. Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyz suw diplomatiýasyny daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi hem-de oňa köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garaýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 30-njy aprelinde Lebap welaýatynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem tassyklaýar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Maslahatda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini, şeýle hem oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamak, halkymyzyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmegiň öňüni almak we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly çarçuwaly konwensiýalaryň birnäçesine işjeň gatnaşýar we öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu babatda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň, taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň tebigatyň köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreleriň ylmy taýdan öwrenilen we tassyklanan, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýandygyny doly tassyklaýar.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar